Lukman Arkadagymyz ençeme ýyl mundan ozal türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn, ahlak taýdan arassa, ösen düşünjeli, kämil bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatda il-ýurt bähbitli giň gerimli işleriň, möhüm özgertmeleriň başyny başlady. Şu maksat bilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi ýaýbaňlandyrylyp, dürli sport ýaryşlarynyň, welosipedli ýörişleriň we beýleki ugurdaş çäreleriň giňden geçirilmegi ýola goýuldy. Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan bu ugurdaky wajyp wezipeler Milli Liderimiziň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Her ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanda, tutuş halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde, Bütindünýä saglyk güni giňden, dabaraly bellenilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy giňden baýram ediljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu sene mynasybetli geçirilýän dürli çäreler ýylyň şygaryna, döredijilik ruhuna muwapyk röwüşde many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýar.
Bütindünýä saglyk güni 1950-nji ýyldan bäri her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilip gelinýär. Munuň özi 1948-nji ýylyň şol senesinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň döredilmegi bilen baglanyşyklydyr. BMG-niň abraýly düzüm birlikleriniň biri bolan bu gurama her ýyl Bütindünýä saglyk gününi belli bir şygar astynda geçirýär. Şu ýyl bu senäniň şygary «Bilelikde sagdynlyga!» diýlip yglan edildi. Munuň özi bu wajyp ugurda mundan beýläk-de tagallalaryň birleşdirilmegidigine ünsi çekýär.
Mälim bolşy ýaly, sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we ony wagyz ediji, şeýle hem bu ugurda ildeşlerimize şahsy görelde görkezýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda adam we onuň saglygy, abadançylygy ugrundaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilendir. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň we beýleki degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi hem bu ugurdaky işleriň hukuk binýadyny has berkitmek babatda edilýän uly aladalaryň aýdyň güwäsidir.
Ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça dünýäniň iri halkara guramasy bolan BMG we onuň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen birlikde, halkara forumlaryň we maslahatlaryň çäklerinde ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary lukmançylyk ugry boýunça ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň şertleri döredýär. Türkmenistanyň lukmançylyk tejribeleri halkara derejede ykrar edilýär. Bu bolsa gatnaşyklaryň täze ugry bolan lukmançylyk diplomatiýasynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Halkara hyzmatdaşlykda lukmançylyk diplomatiýasynyň ilerledilmegi döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamyny täzeçil ösdürmek babatdaky tagallalaryndan habar berýär. Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog” atly halkara okuw maslahatynyň geçirilmegi hem munuň aýdyň güwäsi boldy.
Baýrammyrat AKYÝEW,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

