Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň gönezligidir. Milli Liderimiziň ”Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyny okap, edil akyl gämisinde syýahat eden ýaly bolýarys. Kitabyň ”Saglyk – abatlyk” atly bölüminde halkymyzyň sagdynlyk ýörelgeleri barada rowaýatlar we gymmatly maglumatlar bar. Gahryman Arkadagymyz kitapda: ”Saglyk diýlende, adamyň synasynyň sagdynlygy barasyndaky aladalar göz öňüne gelse-de, ol pikirleriň sagdyn bolmagyny aňladýar. Pikirleriň sagdyn bolanda, syna hem sagdyn bolýar” diýýär.
Kitapda parasatly kişileriň birine gaýypdan gelen owazda oňa hökümdarlygyň, saglygyň, akyl-paýhasyň haýsydyr birini saýlasa, şol baýlygyň oňa bagyş edilýänligi aýdylýar. Ol adam akyl-paýhasy dilänligini halypasyna aýdanda ussady ondan saglygy saýlamanlygynyň sebäbini soraýar. Şonda ol kişi paýhas bilen saglygy-da, şalygy-da gazanyp boljaklygyny aýdýar.
Pikirleri sagdyn adamlar durmuşdan azaşman, aljyraman baş alyp çykýarlar. Olar akylly-başly hereketleri bilen rysgal-döwlet gazanyp, saglykly ömür sürmegiň göreldesini görkezýärler. Fiziki taýdan sagdyn beden bilen sagdyn ruh sazlaşanda ynsan özüni ruhubelent duýýar.
Sagdyn pikirler we sport bilen meşgullanmak, akyl-paýhas adamyň daşyny edil pile ýaly çolap duran şöhlä meňzeýär. Adam gowy zatlaryň pikirini eden wagty, hemişe hereketde bolanda şol şöhlä zyýan ýetmeýär. Häzirki ösen lukmançylyk ylmynyň gazananlary hem bozulan şöhläni dikletmän, keseli bejerip bolmaýanlygyny tassyklaýar. Däri-derman derdi diňe wagtlaýynça dep edýär. Sagdyn pikirler, akyl-paýhas, dürli oýunlar bilen, ýaramaz pikirleri ýok etmek arkaly saglygy dikeldip bolýar. Dünýäniň gany-damary bolup hyzmat edýän atomlaryň, malekulalaryň, ýadrojyklaryň, neýronlaryň göze görünmeýşi ýaly, pikirleriň şöhlesi hem göze görünmeýär, ýöne adamzadyň ykbalyna täsir edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň ylymdan, bilimden ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän täze nesli kemala geldi. Zehinli ýaşlaryň birnäçesi hormatly Prezidentimiziň döredip beren mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryndan ýerlikli peýdalanyp, ylmyň köp ugurlaryny, dürli pudaklary ösdürmek, daşky gurşawy arassa saklamak bilen baglanyşykly täze taslamalary taýýarlap, önümçilige hödürleýärler.
Bilim ojaklarynda geçirilýän bedenterbiýe sapaklary nesilleriň ruhunyň belent, janynyň sag bolmagyna uly täsir edýär. Olar ýaşaýşyň täze gözýetimlerini, üstünligiň heniz el degmedik gapylaryny açýarlar, bagta eltýän arassa we halal ýollary öwrenýärler. Şu wagtdan perzentleriň aňyna sepilen tälim tohumlary, ýüreklerine oturdylan ýagşylyk nahallary mäkäm boý alsa, tüýs diýen çaglarynda ol düşünjeleriň hasyl berip başlajakdygy hemmämize mälim.
Döwrüň çalt özgerýändigi, çalt ösýändigi üçin geçmişden miras galan düşünjeleri elekden geçirip kabul etmeli. Has uzak geljeklere hem hut şu günden, şu pursatdan taýýarlanmaly. Şu günüňi hem, geljegiňi hem asla gözden salmaly däl.
Durmuşda üstünlik gazanýanlaryň, ýeňijileriň ählisi öz işlerine jogapkärli çemeleşýärler. Käbir pikirlere üýtgeşmeler girizýärler. Käbir gylyk-häsiýetleri gaýtadan gözden gecirýärler.
Biz hem her bir sapakda milli we sport oýunlary arkaly okuwçylarda kämil sypatlaryň kemala gelmegini gazanýarys. Olaryň arasynda sportyň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri yzygiderli geçirýäris. Sagdyn ýaşaýşyň gönezliginiň sagdyn pikirlerde we hereketlerde jemlenenligini ýatdan çykarmaly däldiris.
Her ýyl 7-nji aprelde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni bellenilip geçilýär. Şanly sene mynasybetli sport, bedenterbiýe, sagaldyş hereketleri, dürli ýaryşlar ýaýbaňlandyrylýar. Bu sene 1948-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň esaslandyrylan gününe gabat gelýar. Şol gün saglygy goraýşyň möhüm meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda bu gün köpçülikleýin sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän çäreler bilen bellenilip geçilýär.
Nariman ISLAMOW,
Farap etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy.

