BIZE YAZYARLAR

Sagdynlygyň gönezligi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň saglygyny goramak we sagdyn nesli kemala getirmek babatda bimöçber işler üstünlikli amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda Köýtendagda ýaşap geçen meşhur pälwanlar hem ýatlanylyp geçilýär.
Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini pugta ornaşdyrmak babatda amala aşyrylýan giň gerimli işlerde ýaşlara milli Liderimiziň hut özi şahsy görelde görkezýär. Ynsanyň saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti bimöçberdir. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, sport sagdynlygyň gözbaşydyr. Sporta bolan söýgi — munuň özi, durmuşa bolan söýgüdir. Öz-özüňi beden taýdan taplamak, sagdyn ýaşamak türkmen halkynyň umumy dünýä medeniýetinde galdyran nusgalyk milli ýörelgesidir . Sport bilen meşgullanýan adamyň beden saglygynyň berkemegi bilen birlikde, ruhubelentliginiň artýandygyny, bedenterbiýäniň we sportuň adamyň akyl zähmetiniň
netijeliligine, pikirlenme ukybynyň artmagyna, ýatkeşligine oňaýly täsir edýändigini
lukmanlar tassyklaýar.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, köpçülikleýin häsiýete eýe bolan bedenterbiýe we
sport hereketi jemgyýetiň işjeňligini artdyrýar. Hut şu jähtden sagdyn durmuş
ýörelgelerini durmuşyň kadasyna öwürýän, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan
adamlaryň sanynyň barha artýandygy guwandyryjydyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynda sporty ösdürmek hem-de oňa hemmetaraplaýyn goldaw bermek olimpiýa hereketiniň ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde äşgär edýän ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Diýarymyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleri taýýarlamak, olarda maksada okgunlylyk, durnuklylyk, işjeňlik we ýeňşe bolan erk ýaly häsiýetleri kemala getirmek meselelerine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladasy netijesinde, ýurdumyzda sportuň ýokary derejede ösdürilmegi, iri sport ýaryşlarynyň geçirilmegi, halkara ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman düzümleriniň döredilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň
berkidilmegi, halkymyzyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we
sport hereketine çekilmegi babatda zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Tawus ORUNOWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.