Gahryman Arkadagymyz adamyň gowy zatlary pikir etmelidigi barada şeýle diýýär: “Saglyk diýlende, adamyň synasynyň sagdynlygy barasyndaky aladalar göz öňüne gelse-de, ol pikirleriň sagdyn bolmagyny aňladýar. Pikirleriň sagdyn bolanda, syna hem sagdyn bolýar”.
Pikirleri sagdyn adamlar durmuşdan azaşman, aljyraman baş alyp çykýarlar. Olar akylly-başly hereketleri bilen rysgal-döwlet gazanyp, saglykly ömür sürmegiň göreldesini görkezýärler.
Sagdyn pikirler, akyl-paýhas adamyň daşyny edil pile ýaly çolap duran şöhlä meňzeýär. Ol gowy zatlaryň pikirini eden wagty şol şöhlä zyýan ýetmeýär. Häzirki ösen lukmançylyk ylmynyň gazananlary hem bozulan şöhläni dikletmän, keselibejerip bolmaýanlygyny tassyklaýar. Däri-derman derdi diňe wagtlaýynça depedýär. Sagdyn pikirler, akyl-paýhas bolsa, diňe onuň sebäplerini, ýaramaz pikirleriýok etmek arkaly dikeldip bolýar. Şony dikelden günüň saglygyň hem dikelmek bilen boluberer.
Dünýäniň gany-damary bolup hyzmat edýän atomlaryň, malekulalaryň, ýadrojyklaryň, neýronlaryň göze görünmeýşi ýaly, pikirleriň şöhlesi hem göze görünmeýär, ýöne adamzadyň ykbalyna täsir edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyňylymdan, bilimden ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän täze nesli kemala geldi. Zehinli ýaşlaryň birnäçesi hormatly Prezidentimiziň döredipberen mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryndanýerlikli peýdalanyp, ylmyň köp ugurlaryny, dürli pudaklary ösdürmek, daşky gurşawy arassa saklamak bilen baglanyşykly täze taslamalary taýýarlap, önümçilige hödürleýärler.
Sagdyn pikirler ynsanyň ruhunyň belent, janynyň sag bolmagyna uly täsir edýär. Olar ýaşaýşyň täze gözýetimlerini, üstünligiň heniz el degmedik gapylaryny açýarlar, bagta eltýän arassa we halal ýollary öwrenýärler. Şu wagtdan perzentleriň aňyna sepilen tälim tohumlary, ýüreklerine oturdylan ýagşylyk nahallary mäkäm boý alsa, tüýs diýen çaglarynda ol düşünjeleriň hasyl berip başlajakdygyhemmämize mälim.
Durmuşda üstünlik gazanýanlaryň, ýeňijileriň ählisi öz işlerine jogapkärli çemeleşýärler. Käbir pikirlere üýtgeşmeler girizýärler. Käbir gylyk-häsiýetlerigaýtadan gözden geçirýärler.
Akylyň bir häsiýeti bar, ony wagtal-wagtal tijap, oýandyryp durmasaň, öwrenişen, endik eden derejesinde galyberýär. Şonuň üçinem sagdyn ýaşaýşyň gönezliginiň sagdyn pikirlerde jemlenenligini ýatdan çykarmaly däldiris.
Hurma JUMANIÝAZOWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.