LUKMANÇYLYK

«Sagdyn nesil ― sagdyn geljek» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde «Sagdyn nesil ― sagdyn geljek» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa lukmanlar we ýaş eneler gatnaşdy. Çärede saglygy goraýyş hyzmatlaryny ýokarlandyrmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek meselelerine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.
Çykyşlarda «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli ýörelgäniň eneleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramaga, olaryň beden, ruhy we ahlak taýdan sagdyn ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendigi bellenildi. Şeýle hem çäräniň dowamynda ýaş eneler bilen lukmanlaryň arasynda sowal-jogap alşyldy.