BIZE YAZYARLAR

“Sagdyn jemgyýetiň özeni ojakdyr” atly wagyz nesihat çäresi

Sagdyn jemgyýet ýörelgelerini ündemek maksady bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Darganata etrap komiteti bilen bilelikde Darganata etrabynyň 3-nji çagalar bakja bagynyň işgärleriniň gatnaşmagynda etrabyň mekdep okuwçylaryna wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Darganata etrap medeniýet öýünde geçirilen bu çärede etrabymyzyň kümüş saçly eneleri, jemgyýetçilik guramalaryň hünärmenleri gyzykly çykyşlary etdiler. “Ojakdan başlanýar sagdyn jemgyýet” diýlişi ýaly, sagdyn jemgyýet ilki bilen maşgaladan başlanýar. Häzirki döwürde ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly nusgalyk ýoluny wagyz etmek işi döwrebap hem-de milli ýörelgelere esaslanyp mynasyp dowam etdirilýär.
Edep terbiýe mukaddes ojakdan başlanýar. Ynsanyň ykbalynda atanyň ogla, enäniň gyza görkezýän terbiýesiniň, göreldesiniň nä derejede ulydygyna adamzat jemgyýeti asyrlaryň dowamynda has aýdyň göz ýetirdi. Her bir adamyň özüni alyp barşy içki pikirleri töweregindäkiler bilen hem-de jemgyýet bilen
baglanyşdyrýan aragatnaşyklary ahlak kadalary baglanyşdyrylýar. Ahlak terbiýäniň esasy maksady adamda edep-terbiýäni, päk ahlaklylygy jemgyýete peýdaly gowy endikleri we asylly häsiýetleri terbiýelemekden
ybaratdyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynda hem milli we ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmak halallygy we zähetsöýerligi hemra edinmek, kämil düşünjeli bolmak esasy orny eýeleýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara sowgat eden “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitaby ýaşlarymyzyň, Watanymyzyň geljegidigine, olara uly üns berilýänligine şaýatlyk edýär. Ýaşlaryň edep-ekramly, ahlak terbiýeli bolup ýetişmekleri türkmençilik ýörelgeleriniň esasydyr.
Bagtyýarlygy baýdak edinip, aýdyň ertirlere sary ynamly öňe barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eziz Watanymyz güllesin,gül açsyn!

Sähragül GUTLYÝEWA,
Darganata etrabynyň 3-nji çagalar bakja bagynyň terbiýeçisi

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: