Sagdyn iýmitlenmek―saglygyň aýrylmaz bölegidir
Şu günlerde mukaddes Remezan aýynda dogry iýmitlenmegiň düzgünlerini bilmek zerurlygy ýüze çykýar. Bu aýda agyz bekleýänlerde saglyk bilen bagly näsazlyklaryň öňüni almak maksady bilen size käbir peýdaly maslahatlary bermegi makul bildik. Çünki sagdyn iýmitlenmek saglygymyzyň berkemeginiň aýrylmaz bölegidir.
Agzaçar döwründe saçaga taýýarlanyp äberilen önümler yzygiderli, agyr görnüşde kabul edilende, biri-biri bilen utgaşmaýandygy we bu utgaşmazlygyň saglyk kynçylyklaryna getirip biler. Bu bolsa iýmit siňdiriş ulgamymyzda käbir näsazlyklaryň döremegine, olar bolsa ulgamlaýyn kesellere sebäp bolup biler. Şonuň üçin hem iýmit siňdiriş bilen bagly kynçylyklardan ejir çekmez ýaly, birnäçe peýdaly düzgünleri berjaý edilmelidir.
Bir bada agyr naharlar bilen iýmitlenmek iýmit siňdiriş ulgamyna uly zyýan ýetirýär. Esasanda nädogry iýmitlenmek aşgazanyň, öthaltanyň we aşgazanasty mäziň işiniň bozulmagyna sebäp bolup biler. Şol sebäpden dürli nygmatly saçagyna oturmazdan öň, iýmit siňdiriş ulgamyny “kadaly işe” taýýarlamak üçin ýeňil naharlar bilen garbanmalydyr. Munuň üçin gök önümlerden, taýýarlanan
içdäçarlar we çorbalar ýeterlikdir. Däneli önümlerden bişirilen şüleler hem peýdalydyr.
Tagamlary aşa köp iýmekden saklanyň we her bir nygmaty ýuwaş-ýuwaşdan çeýnäp iýiň. Az mukdarda, ýöne ýygy-ýygydan iýmek dogrudyr.
Naharlanmagy belokly önümlerden başlamak dogry netijedir. Ýagsyz belokly önümler (et, balyk, guş eti) dokluk duýgusyny döredip, sizi artyk iýmekden saklar. Adaty bolmadyk del (ekzotiki), ýagny nätanyş tagamlary az mukdardan kabul etseňiz, aşgazanyň işiniň bozulmagyndan we artykmaç agram düşmekden gorarsyňyz. Bulardan başga-da, gazlandyrlan içgileri içmekden hem gaça duruň. Sebäbi olar aşgazany süýndürip, onuň içindäki önümleri okisleýändir. Gazlandyrylan içgileri köp içmek bolsa sarygaýnamanyň we gägirmäniň döremegine getirýär. Gazly suwlaryň deregine miwe suwlaryny içmek dogrydyr hem peýdalydyr.
Şirin ATAMYRADOWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.