LUKMANÇYLYK

Sagdyn iýmitleniň, sagdyn boluň!

Dogry we sagdyn iýmitlenmek adamyň kesele garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýär. Iýmitlik önümlerde beloklaryň, ýaglaryň, uglewodlaryň ýeterlik bolmagy zerurdyr. Çörek, etiň we balygyň dürli görnüşleri, ýumurtga, dorag, peýnir ýaly süýt önümleri, däneliler we kösükliler beloklara baýdyr. Beden üçin zerur hasaplanylýan uglewodlar gant, bal ýaly süýji tagamlarda, arpa çöreginde köpdür. Şu azyklyk önümleriniň her günki iýmitde ýeterlik mukdarda kabul edilmegi peýdalydyr.
Şeýle-de gündelik iýmitimize gök önümleriň we miweleriň goşulmagyny üpjün ediň! Çünki miweler we gök önümler adam bedenine zerur ýokumlara öýän baýdyr. Bu bolsa bedeniň birnäçe ýokançly kesellere garşy göreşijiligini artdyrýar.
Tagamlar taýýarlanylanda mal ýaglaryna seredeniňde, ösümlik ýaglaryny köp ulanmak maslahat berilýär. Çünki ösümlik ýaglary E ýokumyna baý bolýar. Mal ýaglarynyň düzüminde holesteriniň mukdary köpdür. Günebakar, mekge, zeýtun ýaly ösümlik ýaglarynda bolsa ol azdyr.
Sagdyn iýmitlenmegimiz üçin iýmit önümleriniň zaýalanmaz ýaly saklanyş şertlerini bilmegimiz hem zerurdyr. Esasan-da, tomus paslynyň golaýlaşýandygy we howanyň gyzýandygy sebäpli, azyk önümleriniň çalt zaýa bolmak ähtimallygy ýokarlanýar. Yssy howa iýmit önümleriniň hiline täsir edýär. Ýagny yssy howa iýmit önümleriniň kesel dörediji bakteriýalarynyň köpelmegine getirýär. Şol sebäpli yssy howa şertlerinde dükanlardan söwda nokatlaryndan, bazarlardan azyk önümlerini alanyňyzda, hökman sowadyjy enjam bilen enjamlaşdyrylan tekjelerden alyň! Çalt zaýalanýan önümlere aýratyn üns beriň. Olaryň öndürilen senesine, ýaramlylyk möhletine hökman üns beriň.
Aziz Pahryýew
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.

 

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply