Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
Türkmenistanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegini, oňa ählumumy elýeterliligiň gazanylmagyny şertlendirdi. Onuň esasy maksady ilatyň saglyk ýagdaýyny hasda gowulandyrmakdan, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan, innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil, ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekden ybaratdyr. «Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklyk-da, enäniň we çaganyň saglygyny has-da gowulandyrmak, zenanlary reproduktiw döwründe ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek, maşgala medeniýetini kämil derejä ýetirmek ugrunda ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin köp möçberde düýpli maýa goýumlary goýuldy hem-de özleşdirildi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýöriteleşdirilen häzirki zaman hassahanalary gurlup ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk 670 orunlyk innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, welaýatlarymyzdaky we Aşgabat şäherindäki «Ene mähri» merkezleri, Lebap welaýat çagalar hassahanasy we beýleki kesel anyklaýyş merkezleri bar. Bu ugurda işler üstünlikli dowam etdirilýär. Durmuşa geçirilýän milli maksatnamalar, ilkinji nobatda, enäniň we çaganyň saglygyny goramaga gönükdirilýär. Şunda «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýa hem-de ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna möhüm orun degişli bolup, olarda göz öňünde tutulan wezipeler yzygiderli amala aşyrylýar Şeýle hem «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýa» laýyklykda, çaganyň irki ösüşi üçin zerur bolan ýokary hilli saglyk hyzmatlary, sagdyn iýmitleniş, mekdebe çenli bilimiň üpjün edilmegi ugrundaky işler hem üstünlikli dowam etdirilýär. Bu ugurda BMG-niň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, ÝUNISEF, llat gaznasy ýaly iri düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklanylýar. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň mart aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Bu gaznanyň hemaýaty bilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde, welaýatlarymyzyň köpugurly, şeýle-de çagalar hassahanalarynda çagalarda kardiohirurgiýa, trawmatologiýa we ortopediýa, neýrohirurgiýa ugurlary boýunça anyklanýan kesellerde operasiýalar amala aşyrylyp başlandy. Ýurdumyzyň ýaş nesli hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şol syýasata laýyklykda, sazlaşykly ösýän, beden taýdan sagdyn, ýokary bilimli ýaş nesli terbiýelemäge, çagalaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen jemgyýetiniň ruhy gymmatlyklary, gadymdan gelýän däp-dessurlary we ahlak ýörelgeleri şol syýasatyň esasyny düzýär. Geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, olary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ugrunda atalyk aladalary edýän lukman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Rahimowa Saodat Adyzkulyewna Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň kardiorewmatolog
lukmany