Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda aýdyň ýol bilen beýik ösüşlere we özgerişlere barýan Watanymyz gün-günden pajarlap ösýär. Güneşli Diýarymyzda arzuwlar wysala ýetip, maksatlar myrat tapýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary, taýsyz tagallalary, irginsiz aladalary esasynda bagt sakasy saglykdyr diýlişi ýaly, halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa doly we dogry berk ornaşdyrmak
babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň paýtagtymyzdan başlap ähli welaýatlarynda ähli amatlyklary bolan saglyk merkezler, hassahanalar, şypahanalar gurlup, ulanylmaga berildi. Elbetde olar, döwrebap derejede, soňky ülňülere laýyk gelýän ösen ýurtlaryň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp raýatlarymyzyň saglygyny doly dikeltmäge ýakyndan ýardam berýär. Ynha biziň Türkmenabat şäherimizde hem şeýle döwrebap hassahanalaryň ençemesi bar. Ýagny, welaýat köpugurly hassahanasy, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş, Ene Mähri, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky saglygy goraýyş – anyklaýyş, «Gaýrygoýulmasyz» Tiz komek ýaly birnäçe saglyk merkezleri yzygiderli halkyň hyzmatynda hereket edýär.
Watanymyzda halkymyzyň saglygyny iň esasy meseleleriň birine öwüren Gahryman Arkadagymyz» atly ensiklopediýasyny halkymyza peşgeş berdi. Bu kitapda tutuş ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň her biriniň adam bedenine ýetirýän peýdaly maslahatlary bilen diňe bir ýurdumyzyň däl eýsem, daşary ýurt dillerinde hem çap edilip, gaýry döwletleriň lukmanlarynyň üns merkezinden düşenok. Şeýle-de diňe lukmanlara däl eýsem, her bir isleg bildirýän adamlara gollanma hökmünde öý durmuşynda peýdalanmaga
mümkinçiligi bardyr. Ýagny muňa mysal edip, çopantelpegiň demlenip içilse, dürli hili sowuklamalara peýda berse, atgulak, narpyz, ýaly ösümlikler ýürek we degna damarlarynyň sazlaşykly işlemegine ýardam berýär.
Biz lukmanlar ýerli ýaşaýjylara we ähli edara guramalarynda arassaçylyk kadalaryny berk saklamak we dogry düzgün iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak, zyýanly endiklerden daşda durmak barada wagyz-nesihat edip, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmaga ýakyndan ýardam berýäris. Bu kadalary berjaý etmek özümizi, masgala agzalarymyzy, şeýle-de jemgyýetimizi dürli howply kesellerden goradygymyzdyr.
Şahida ABDYGAPBAROWA,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň näsag
göwrelileri bejeriş bölüminiň müdiri.
