LUKMANÇYLYK

Sagdyn durmuş we bagtyýar geljek

Gahryman Arkadagymyzyň işläp düzen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglygy goraýyş, şol sanda ýokanç kesellere gözegçilik ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda uly işler gazanyldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda beýleki keseller bilen bir hatarda, ýokanç kesellere garşy göreş ýokary depginde alnyp barylýar we bu işleriň netijesinde birnäçe ýokanç keselleriň azalmagy, käbir keselleriň bolsa düýbünden ýok edilmegi gazanyldy.
Häzirki döwürde ýokanç kesellere garşy öňüni alyş çäreleriniň içinde waksinasiýa (immun öňüni alyş sanjymlary) iň ygtybarly göreş çäresidir. Immuno — öňüni alyş işleri geçirilende adamyň bedenine ýokanç keselleri döredijileriň (wiruslar ýa-da bakteriýalar) güýji peseldilen görnüşleri, olaryň antigenleriniň ýa-da zäherleriniň işlenen görnüşlerinden taýýarlanan waksinalar goýbrilýär. Sanjylan waksina çaganyň bedeninde goraýjy bedenjikleri (antitelalary) döredip, şol keseliň öňüni alýar. Netijede, çagada kesele garşy göreşijilik ukyby döreýär we ol ýokanç kesel bilen kesellemeýär.
Berkarar ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, sagdyn nesli kemala getirmek we ýurdumyzda epidemiki asudalygy gorap saklamak maksady bilen, ilatymyz immun serişdeleri bilen mugt üpjün edilýär. Bu hem hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygy ugrunda edýän taýsyz tagallalaryny aýdyň görkezýär.
Ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak işlerini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 4-nji oktýabryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» kabul edildi. Onuň öňde goýan esasy maksady sanjym bilen öňüni alyp bolýan ýokanç keselleri düýbünden ýok etmekden, keselçiligiň derejesini peseltmekden ybaratdyr.