BIZE YAZYARLAR

Sagdyn durmuş – röwşen geljegiň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip düzülen «Saglyk» döwlet maksatnamasy bu ugurdaky işleriň binýatlyk esasyny düzýär. Häzirki wagtda Türkmenistan lukmançylyk hyzmatlarynyň hili we elýeterliligi boýunça dünýä derejesindäki öňdebaryjy ýurtlaryň hatarynda ynamly orun alýar.
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynda hem häzirki zaman lukmançylygynyň iň täze enjamlary we usullary netijeli ulanylýar. Keselleriň öňüni almak we irki döwürde anyklamak maksady bilen yzygiderli lukmançylyk barlaglary geçirilýär. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanalar we anyklaýyş merkezleri hassalaryň saglygyny gysga wagtda dikeltmäge mümkinçilik berýär.
Halkymyzyň saglygy döwletimiziň iň uly baýlygydyr. Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hökmünde biziň esasy maksadymyz raýatlaryň saglygyny goramakdan we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden ybaratdyr. Döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler bize dünýäniň ösen tejribesini özleşdirmäge we ony iş ýüzünde ulanmaga uly şertler döredýär.

Dildara HOJAMBERDIÝEWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.