Sagdyn durmuş — eşretli ýaşaýyş
Raýatlaryň saglygyny goramak, saglygy ugrundaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, ömrüniň ortaça dowamlylygyny uzaltmak, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, ilat arasynda wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Onda erkek adamlarda ösmeklige ýykgyn edýän prostata (erkeklik) mäziniň keselleri barada giňişleýin düşünje berilýär.
Onkologiýa keselleri, ýagny, howply täze döremeler dünýäde ýokanç däl keselleriň esasy bölegini düzmek bilen, adamzada uly zyýan ýetirýär. Howply täze döremeleriň bir görnüşi hem erkekleriň peşewhalta asty ýerleşen mäziniň howply çiş keselidir. Prostata peşewhalta astynda ýerleşip, peşew kanalynyň daşyny gurşap alýar. Bu kesel, esasan-da, erkek adamlarda 40 ýaşdan soň, aýratyn-da 50-69 ýaşly adamlarda has ýygy duş gelýär. Keseliň başlangyç derejelerinde alamatsyz, ýagny, gizlin geçýändigi sebäpli näsaglaryň 80 göterime golaýy lukmanlara giç ýüz tutýar.
Prostata mäziniň howply täze döremelerinde näsaglarda peşewiň akyşynyň peselmegi, peşewiň kesilip gelmegi, näsagda peşewhaltanyň boşamazlyk duýgusy, tiz-tizden buşukma, peşew etmeklige bolan güýçli isleg ýaly alamatlary ýüze çykýar. Näsagda şeýle alamatlar ýa-da olaryň biri ýüze çykanda gyssagly lukmana ýüz tutulmasa, keseliň beterleşýändigini unutmaly däl!
Prostata mäziniň howply täze döremelerini anyklamak üçin näsagyň onkolog ýa-da urolog lukmanlaryna ýüz tutmagy gerek. Häzirki wagtda prostata mäziniň howply täze döremelerini ýüze çykarmak üçin, ilki bilen, näsaga lukman seredýär. Näçe ir lukmana ýüz tutulsa, şonça-da anyklamak we bejermek ýeňil bolýar.
Prostata mäziniň kesellerini hirurgiýa, şöhle usullary we derman serişdeleri bilen bejermekde welaýat onkologiýa hassahanamyzda ýokary derejeli lukmanlar zähmet çekýärler. Lukman keseliň ýüze çykyşyny, alamatlaryny öwrenip, degişli barlaglary geçirýär we gerek bolsa goşmaça barlaglary belleýär.
Halkymyzyň saglygyny goramak ugrunda dünýä ülňülerine gabat gelýän saglygy goraýyş ulgamynda döredilen giň mümkinçilikler üçin milli Liderimize we hormatly Prezidentimize egsilmez hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, türkmen halkynyň bagtyýarlygy üçin uly tutumly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyga beslensin!
Aýnura Beşimowa,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň anyklaýyş we maslahat beriş bölüminiň müdiri.