Sagdyn durmuş —bagtyýarlygyň açary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli pudaklarda ýokary netijeleri gazanmak bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşini ýokary derejelere çykarmakda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda tutumly işler amala aşyrylýar. Şeýle-de ýurdumyzyň sport ulgamyny ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da giň gerim bilen jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmak babatda hem dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen Watanymyzyň ähli künjeginde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda sport bilen meşgullanyp, saglygyňy berkitmäge giň mümkinçilikler döredilip berildi. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky işler Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň badalga almagy bilen uly ösüşleriň ýoluna düşdi. Şoňa laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi. «Ene mähri», gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri işe ornaşdyrmakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek babatda oňdebaryjy netijeler gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň saglyk ýagdaýy has-da gowulanyp, adam ömrüniň ortaça dowamlylygy artdy.
Ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek işleri hem üstünlikli dowam etdirilýär. Toplumlaýyn we sazlaşykly esasda durmuşa geçirilýän şeýle uly işler nesil sagdynlygyny üpjün etmekde aýratyn uly ähmiýete eýedir. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde ähli ildeşlerimize, aýratyn-da, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Begenç Ýaradanow,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň reanimasiýa müdiri.