BIZE YAZYARLAR

Sagdyn bolaýyn diýseň…

Danalarymyzyň bize goýan ruhy mirasyna ýüz tutanymyzda, olaryň durmuş bilen bagly aýtmadyk zatlarynyň ýokdugyna göz ýetirmek bolýar. Olaryň käbirleri dilden-dile geçip, il arasynda ýörgünli aýtga öwrülen bolsa, käbirleri ýazgy görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Lukmanlaryň arasynda saglyk bilen bilen bagly bir aýtgy has hem ýörgünli. Onda: «Sagdyn wagtyň öz keýpiňe ylgamasaň, bir derde uçranyňdan soň mejbury ýügürmeli bolarsyň» diýilýär. Bu gysga jümlede fiziki taýdan hereket etmeseň, dermanhanadan dermanhana aýlanyp, däri gözläp ýörmeli boljakdygy ýaňsydylýar.
Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ynsan üçin iň peýdalydygyny köpler bilýärler we oňa eýermäge çalyşýarlar. Sport, bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlaryň diňe bir sagdyn bolman, zyýanly pişelerden daşda durýandygy hem belli. Şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda dürli ýaşdaky adamlary sporta, bedenterbiýe hereketine çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňişleýin ornaşdyrmak boýunça ähli çäreler görülýär we munuň üçin oňaýly mümkinçilikler döredilýär. Häzir sport mekdebi bolmadyk etraby göz öňüne getirip hem bolmaýar. Welaýatymyzyň ähli ýerlerinde ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Ýöne sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek üçin hökman sport mekdebine ýa-da stadiona çykmak gerek däl. Onuň üçin seýilgähler, ýanýodalar, saglyk ýollary we şuňa meňzeş ýerler hem ýeterlik. Ol ýerlerde ylgamak, pyýada ýöremek, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, welosipedli gezelenç etmek doly mümkin. Oturyp işleýän hünärmenler günüň dowamynda birnäçe gezek gysgajyk önümçilik maşklaryny ýerine ýetirseler, iş öndürijiliginiň artýandygyny barlaglar bireýýäm subut etdi.
Ýaşulularymyz: «Der bilen dert çykar» diýýärler. Ýöne bu hemme keselleri dürli maşklaryň kömegi bilen bejerip bolýandygyny aňlatmaýar. Bir hakykat welin aýdyň. Ýagny sport, bedenterbiýe bilen yzygider meşgullanýan adam sagdyn bolýar. Onuň bedeniniň dürli kesellere garşy göreşijilik ukyby ýokarydyr. Fiziki zähmetiň, sportuň, bedenterbiýäniň degna ulgamyny rahatlandyrýandygy hem mälim. Şonuň üçin hem, öňüni alyş çäresi hökmünde hemişe hereketde bolmak maslahat berilýär. Ata-babalarymyz: «Herekete bereket» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar ahyryn. Şunda bir zady ýatdan çykarmaly däl. Sportuň haýsy görnüşi bilen meşgul bolmalydygyny, endama nähili ýük bermelidigini lukman bilen maslahatlaşmagy hem unutmaly däl.

Hatyja ÖRÄÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.