BIZE YAZYARLAR

Sagdyn bolaýyn diýseň, bedewe atlan!

Lukman Arkadagymyz «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly eserinde: «Ruhy hem-de nerw näsaglygy bolan çagalary bejermekde ippoterapiýanyň ähmiýeti uludyr. Ýaşlarda bedew münmek, suwda ýüzmek endiklerini terbiýelemegiň özi hem saglykdyr» diýip, maslahat berýär.
Hakykatdan hem lukmançylykda at üstünde gezim etmegiň fiziki maşklaryň arasynda birinji orunda durýandygy tassyklanylýar. Onuň kömegi bilen köp keselleri bejerip bolýar.
Çagalarda we ulularda dogabitdi hem-de soň ýüze çykan dürli ruhy, duýgy, erk we nerw ulgamynyň bozulmalarynda dikeldiş bejerginiň ähli görnüşleriniň zerurlygy ýüze çykýar. Ippoterapiýa bejergisi newrologiýa kesellerinde we autizm, dogabitdi ysmaz keselinde, artrit, kelle-beýni şikeslenmesinde, insult we birnäçe keselleriň esasy bejergisiniň ýanyndan berilýän kömekçi, ýagny dikeldiş bejergi hökmünde peýdalydyr. Ippoterapiýanyň, ýagny at üstündäki bejerginiň çalt we oňat netije berýändigini, syrkawyň ýagdaýyny durnukly gowulandyrýandygyny häzirki zaman lukmançylygynyň tejribeleri görkezýär.

Jumakuly ŞARIPOW,
Darganata etrap hassahanasynyň endokrinolog lukmany.