SPORT WE SYÝAHAT

«Şagadam» Türkmenistanyň kubogynyň eýesi boldy

Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol topary taryhynda ikinji gezek Türkmenistanyň kubogyna mynasyp boldy. Ýaryşyň final duşuşygy kenarýaka şäherde — «Şagadam» stadionynda geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

«Şagadamyň» final duşuşygyndaky garşydaşy Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi «Ahal» boldy. Örän dartgynly geçen duşuşyk 1:0 hasabynda ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 22-nji minutda Mekan Aşyrow geçirdi.

Şeýlelikde, «Şagadam» 2007-nji ýyldan soňra ýene bir gezek Türkmenistanyň kubogyna mynasyp boldy. «Ahal» bolsa bu ýaryşyň finalyndaky bäşinji duşuşygynda ikinji gezek garşydaşyndan asgyn geldi.

Türkmenistanyň kubogynyň eýesi «Şagadam» futbol toparynyň milli çempionatymyzyň ýakynda tamamlanan möwsüminde bürünç medala hem mynasyp bolandygyny ýatladýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: