Sagdyn pikirler, akyl-paýhas adamyň daşyny edil pile ýaly çolap duran şöhlä meňzeýär. Ol gowy zatlaryň pikirini edende wagty şol şöhlä zyýan ýetmeýär. Häzirki ösen lukmançylyk ylmynyň gazananlary hem bozulan şöhläni dikletmän, keseli bejerip bolmaýanlygyny tassyklaýarlar.
Däri-derman derdi diňe wagtlaýynça dep edýär. Sagdyn pikirler, akyl-paýhas bolsa, diňe onuň sebäplerini, ýaramaz pikirleri ýok etmek arkaly dikeldip bolýar. Şony dikelden günüň saglygyň hem dikelmek bilen boluberer.
Dünýäniň gany-damary bolup hyzmat edýän atomlaryň, molekulalaryň, ýadrojyklaryň, neýronlaryň göze görünmeýşi ýaly, pikirleriň şöhlesi hem göze görünmeýär, ýöne adamzadyň ykbalyna täsir edýär.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen ýaşlarynyň ylymdan, bilimden ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän täze nesli kemala geldi. Zehinli ýaşlaryň birnäçesi ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryndan ýerlikli peýdalanyp, ylmyň köp ugurlaryny, dürli pudaklary ösdürmek, daşky gurşawy arassa saklamak bilen baglanyşykly täze taslamalary taýýarlap, önümçilige hödürleýärler.
Pikirleri sagdyn ynsanyň ruhunyň belent, janynyň sag bolmagyna uly täsir edýär. olara ýaşaýşyň täze gözýetimlerini, üstünligiň heniz el degmedik gapylaryny açyp bermäge, bagta eltýän arassa we halal ýollary öwretmäge – geljege mynasyp taýýarlamaga borçludyrlar. Şu wagtdan perzentleriň aňyna sepilen tälim tohumlary, ýüreklerine oturdylan ýagşylyk nahallary mäkäm boý alsa, tüýs diýen çaglarynda ol düşünjeleriň hasyl berip başlajakdygy hemmämize mälim.
Döwrüň çalt özgerýändigi, çalt ösýändigi üçin: geçmişden miras galan düşünjeleri elekden geçirip kabul etmeli. Has uzak geljeklere hem hut şu günden, şu pursatdan taýýarlanmaly. Şu günüňi hem, geljegiňi hem asla gözden salmaly däl.
Durmuşda ustunlik gazanyanlaryň, yeňijileriň ahlisi oz işlerine jogapkarli çemeleşýärler. Käbir pikirlere üýtgeşmeler girizýärler. Kabir gylyk-häsiýetleri gaytadan gözden gecirýärler.
Hiç haçan howsala düşmäň. Kalbyňyza agyr küýleri salmaň. Hiç kimi ýigrenmäň. Ýüregiňiz hemişe söýgüden doly bolsun. Hatda duşmanyňyzam söýüň.
Akylyň bir hasiýeti bar, ony wagtal-wagtal tijap, oýandyryp durmasaň, owrenişen, endik eden derejesinde galyberýar. Biz söýgä haçan mynasyp bolýarys? Haçanda özümiz töweregimizdäki adamlara mähri we söýgini paýlanymyzda. Adam haýsydyr bir ýagşy, peýdaly iş edende ýa-da kimdir birine ýylgyranda, oňa-da şeýle jogap, mähir gaýtarylýar. Şonda adam özüni erkin we şähdaçyk duýýar. Biz adamlara näçe köp ýagşylyk etsek, şol hem bize artygy bilen dolanyp gelýär. Näçe mähri-söýgi bildirsek, şonça-da özümizi oňat duýarys. Hakyky söýginiň ýeňip bilmejek hiç bir kynçylygy ýokdur. Söýgi ähli gapylary açyp bilýän, ähli deňizleri ýüzüp geçip bilýän, ähli günäleri ýuwup bilýän, dertleri bejerip bilýän güýçdür. Söýgä mynasyp bolmak üçin söýmegi başarmaly.
Maýa Durdyýewa,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň kitaphana müdiri