BIZE YAZYARLAR

Saza baglanan ömür

Dutaryň mukamy dünýä ýaň salýar,

Owazyna älem – jahan diň salýar,

Arkadagly Gahryman Serdar bilen galkynýar,

Öňe, öňe, bedew batly Watanym!

Bu  gün  türkmen  döwleti,  türkmen  milleti  özüniň  agzybirligini,  jebisligini,  ýeten  belent  derejelerini  dünýä  jar  edip,   Hormatly  Prezidentimiziň  sahawata  beslenen   ak  ýolundan  nurly  ertelerine  ynam  bilen  gadam  basýar. Gahryman  Arkadagymyzyň,  Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň  pähim – paýhasa,  tutuş  halkymyzyň  çuňňur  bähbidine  ýugrulan  beýik  syýasaty  milletiň  kalbyny  nur  bolup  çoýýar, ykbalyny  berkarar  Watan  bolup  bagryna  basýar,  rysgal – bereket  bolup , eşret  bolup  eçilýär. Bu  eşretli  zamanada  milli  medeniýetimize, sungatymyza  uly  üns  berilip, giň mümkinçilikler  döredilýär.  Medeniýet – sungat  işgärleri  hem  bu  edilýän  atalyk  aladalaryna  jogap  edip,  janyny  gaýgyrman  zähmet  çekýärler.

Muňa mysal  bolup ,  bahar  paslynyň  ajaýyp   günleriniň  birinde  Lebap  welaýat  medeniýet  müdiriliginiň  gurnamagynda  welaýatyň  çäginde  ýerleşýän  çagalar  sazçylyk  we  sungat  mekdepleriniň  orkestr  toparlarynyň   arasynda   geçirilen  bäsleşik  bolup  biler.  Bu  bäsleşige  birnäçe  mekdepler  bilen  bir  hatarda  Lebap  welaýat  çagalar  sungat  mekdebiniň  halk  saz  gurallar  topary  hem  işjeň  we  üstünlikli  gatnaşyp, baýrakly  birinji  orna  mynasyp  boldy.  Bu  topara   mekdepde  30  ýyldan  gowrak  zähmet  çekýän  tejribeli,  ezber, zehinli,  öz  kärine  wepaly  mugallym  Gülara  Saparowa   ýolbaşçylyk  edýär.  Mugallymyň  ýaşlykdan  saza  bolan  söýgüsi  we  onuň  ýiti  zehini,  ony  ilki  sazçylyk  mekdebinde, soňra  Lebap  welaýat  ýörite  sungat  mekdebinde  “Halk saz  gurallar”  bölüminiň “Akkordeon”  saz guralynda  halypa  mugallym  Baýram  Dosmedowdan  tälim  almana , soňra  okuwyny  tamamlap  bu  sungata  ömrüni  bagş  etmek  we  çagalara  tälim  bermek  diýen  pikire  getirýär. Şeýlelik  bilen  Gülara  Saparowa  eýýam  30  ýyllyk  mugallymçylyk  tejribesiniň  dowamynda  ençeme  ýaş  zehinlere  sungatyň  inçe  tilsimlerini  öwredip  gelýär.  Mugallym  özüniň esasy  hünär  sapaklaryndan  daşary  akkordeonçylar  toparyny  döredip, ýurdumyzda  giňden  bellenilýän  baýramçylyk  konsertleriniň  bezegi  bolup  çykyş  edip  gelýär. 2013 – nji  ýylda  Gahryman  Arkadagymyzyň  Lebap  welaýatyna    saparynyň  çäklerinde  gurnalan  konsert  çykyşynda  akkordeonçylar  topary  çykyş  edip,    Milli  Liderimiziň   Şa  serpaýyna, täze  akkordeon  saz  gurallaryny  sowgat  almak  bagtyna    mynasyp  bolýar.  Bu hem  toparyň  döredijilik  durmuşynda   ýatdan  çykmajak  bagtly  purstalaryň  biri  bolýar. 

Ýylyň – ýylyna   çagalar  sazçylyk  we  sungat    mekdepleriniň  döredijilik  toparlarynyň  arasynda geçirilýän  bäsleşiklerde  mugallym  akkordeonçylar  topary  we  halk  saz  gurallar  orkestri  bilen   baýrakly  orunlara  mynasyp  bolup  gelýär. Orkestrleriň  arasynda  geçirilen  şu  ýylky  bäsleşigine  hem  mugallymyň  saýlap  alan  saz  eserleri  özüniň  çylşyrymlylygy we  özboluşlylygy  bilen  tapawutlanýar.  Orkestr    ilkinji  bolup  kompozitor  A.Agajykowyň  halk  sazyna  döreden  “Durdy  bagşy”  atly  ajaýyp  eserini,  ýekelikde dutar  saz  guralynda   mekdebiň ýaş  zehinli   okuwçysy  Kerimberdi  Mähemmetgulyýewiň  çalmagynda   ýerine  ýetirdiler. Oňa  halypalyk  eden  ýaş  zehinli  mugallym  O.Haýdarowa  dutaryň  orkestr  bilen  juda  sazlaşykly  ýaňlanyp, okuwçynyň  ýürekden  ýerine  ýetirmegini  gazandy.  Soňra   topar   kompozitor  G.Rzaýewiň  Konsertino  eserini , ýekelikde  iki  saz  gurallar  bilen  bilelikde  üstünlikli  ýerine  ýetirip,  diňleýjileri  orkestriň saz  gurallarynyň   üýtgeşik  owazlanmasy  bilen  haýrana  goýdy. Ýekelikde  halypa    mugallym  N.Joraýewiň  şägirdi, “Plektrli  dutar”  hünäriniň  5-nji  synp  okuwçysy R.Berdiýew we  zehinli  ýaş  mugallym  F.Nazarowyň  şägirdi, “Ksilofon”  hünäriniň 4 – nji  synp  okuwçysy  R.Hudaýberdiýew  dagylar  özüniň  üýtgeşik  duetiniň  sazlaşygy  bilen  bu  eseriň    owadanlygyny   has – da   artdyrdy.   Eseriň  çylşyrymlylygy   we  barmaklaryň   ýüwrükliliginiň  ussatlyk  derejesini  talap  edýändigi  okuwçylar   R.Berdiýewiň, R.Hudaýberdiýewiň    we  olaryň  halypa   mugallymlarynyň   öňünde  juda  aňsat  bolmadyk  meseläni  ýüze  çykarsa – da , olar  batyrgaýlyk  bilen  ony  ýeňmegiň  hötdesinden  geldiler.   Toparyň  üçünji  eseri  kompozitor  J.Reýimowanyň  D.Annamyradowyň  sözlerine  döreden  “Şöhrat  saňa, Türkmenistan!” atly  dabaraly  aýdym  bolup,  orkestriň  çykyşynyň  buýsançly  we  tolgundyryjy    jemlenmesi   bolup  ýaňlandy. Aýdymy  mahmal  sesli  ýaş  zehinli  okuwçylar  A.Altybaýewa,  S.Juraýewa, Ş.Baltaýew,  K. Mähemmetgulyýew  ussatlyk  bilen  ýerine  ýetirip, bu  toparyň  baýrakly  orun  aljakdygyna  hiç  hili  şübhe  goýmadylar. 

 

Şeýle  ajaýyp  üstünlikleriniň  höwrüniň  köp  bolmagyny  mugallym  Gülara  Saparowa  we  onuň  zehinli  şägirtlerine  arzuwlaýarys.

Surata düşüren Serdar Jumakulyýew.

Lebap  welaýat  Çagalar sungat  mekdebiniň “Sazyň  taryhy  we  nazaryýeti”  bölüminiň 

mugallymy  Zulfiýa Hojanazarowa

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: