BIZE YAZYARLAR

Saçagyň bezegi – sagdyn iýmit

Biz Täze ýyly gülki-şatlyk, lezzetli tagamlar bilen garşylaýarys. Saçaga goýuljak tagamlary ýerlikli ulanmagyň, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň saglygy goramakda ähmiýeti uly. Munuň ýönekeýje düzgünleri bar. Geliň, olaryň käbirlerine nazar aýlalyň:

Gök önümlerdir miweler saçaga äberilmänkä gowja edilip ýuwulmalydyr.

Iýmit siňdirişiň kadalylygyny üpjün edýän krahmallara we kletçatkalara baý bolan ýeralmadan, tüwüden taýýarlanan tagamlara saçakdan orun beriň.

Saçakda özünde köp mukdarda belok saklaýan süýt, et önümlerinden, balykdan, kösüklilerden taýynlanan tagamlary goýmaga çalşyň.

Nahara gök önümleri köpräk goşmaga çalşyň. Çünki gök önümler iýmitiň çalt siňmegine ýardam edýär.

Nahardan soň dermanlyk otlardan taýýarlanan iýmit siňdiriji melhemlik çaýlary içmegi unutmaň.

Azat ARTYKOW,

Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň anesteziologiýa we reanimasiýa bölüminiň lukmany.