YKDYSADYÝET

«SABA» tomsuň bosagasynda täze içgilari bilen tanyşdyrdy

“Miweli Oba” kärhanasy 11-nji maýda Aşgabatdaky “Şamelek” toý dabaralary merkezinde ýörite geçiren çäresinde “SABA” haryt nyşanly gazlandyrylan içgileriniň täze görnüşlerini halk köpçüligine tanyşdyrdy.
“SABA” içgileriniň tanyşdyrylmagy soňky ýyllarda alkogolsyz içgileriň önümçiliginde iň bir iri çäreleriň biri boldy. Çärä 200-den gowrak myhman, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, restoran torlarynyň we söwda merkezleriniň ýolbaşçylary hem-de lomaý we bölek söwda gatnaşyjylar gatnaşdylar.
Şu ýylyň aprel aýynda öndürmäge başlanan täze önümler alty sany dürli tagamly içgileri öz içine alýar. Şolaryň ikisi “SABA Kola”, iki görnüşli “SABA Zirk”, salkyn “SABA Mohito”, ter “SABA Apelsin” hem-de gazly mineral suwlarydyr.