YKDYSADYÝET

«Rysgally pagta» hususy kärhanasynda dokma we pagta galyndylary gaýtadan işlenilýär.

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow etrabynyň A.Nowaýy geňeşliginde ýerleşýän bu kärhana önümçiligi şu ýylda başlan bolsa-da, eýýäm öz işine doly girişdi.

Bu ýerde dokma we pagta galyndylarynyň arassalanylyp, gaýtadan işlenilmegi bilen mebel önümçiligi, ýorgan-düşekler üçin hojalyk pamygy rulon görnüşinde öndürilýär. Nah pagtadan ybarat bolan rulonlaryň ini 1 metre, uzynlygy 2 metre deňdir. Ekologiýa taýdan arassalygy, ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan önümlere isleg barha artýar. Kärhananyň hünärmenleri geljekde dokma we pagta galyndylaryny gaýtadan işleýän bölümini has-da giňeltmegi, öz önümleriniň görnüşlerini artdyrmagy, ýorgan-düşek, ýassyk öndürmegi maksat edinýändiklerini buýsanç bilen gürrüň berýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: