Russiýanyň ýene-de 169 raýaty ýurduna uçdy

Oct 27, 2020

25-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan Türkmenabatdan Moskwa ýene-de bir çarter uçuşy amala aşyryldy. Bu baradaky habar Turkmenportalda ýerleşdirildi.
Diplomatik wekilhanada habar berişleri ýaly, S7 Airlines awiakompaniýasynyň howa gämisi bilen 169 sany RF-iň raýaty, şeýle hem Russiýada hemişelik ýaşamaga esasy bolan şahslar uçdy.
2020-nji ýylyň martynda dünýädäki epidemiologik ýagdaý sebäpli awia gatnawlar togtadylan döwründen bäri, bu eýýäm Türkmenistandan Moskwanyň «Domodedowo» howa menziline amala aşyrylan dördünji ýörite uçuşdyr.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: