BILIM

Russiýanyň bilim ojaklarynda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sany artýar

Russiýa Federasiýasynyň Bilim we ylym ministrliginiň Metbugat gullugy häzirki wagtda öz ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň müňlerçesiniň bilim alýandygyny mälim etdi.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, Türkmenistanly ýaşlar lukmançylyk we ykdysadyýet bilen bagly ugurlara has uly ähmiýet berýärler. Şol bir wagtda mugallymçylyk hem-de psihologiýa hünärine-de isleg ýokary.

Bilermenler Türkmenistanda Russiýanyň bilim ojaklarynda okamaga aýratyn gyzyklanma bildirilmeginiň sebäbini iki ýurduň arasyndaky taryhy umumylyklar, halklaryň däp bolan dostlukly gatnaşyklary bilen baglanyşdyrýarlar. Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan daşary ýurtly talyplaryň sany soňky üç ýylda 26 müňe çenli artyp, bu görkeziji geçen ýyl 324 müňe deň boldy. Şoňa görä-de, rus tarapy şu ýyl daşary ýurtly, şol sanda GDA döwletlerinden bolan talyplar üçin tölegsiz okuwlara kabul edilýän orunlaryň sanyny has-da artdyrmagy meýilleşdirýär.