TÜRKMENISTAN HABARLARY

Russiýanyň awiakompaniýalaryna 19 ýurda, şol sanda Türkmenistana yzygiderli gatnawlary amala aşyrmaga rugsatnama berildi

«Rosawiasiýanyň» buýrugyna laýyklykda Russiýanyň awiakompaniýalaryna 19 ýurda yzygiderli gatnawlary amala aşyrmaga täze rugsatnama berildi. Bu barada «Прайм» rus ykdysady agentligine salgylanmak bilen «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.
Rugsatnama bermek hakyndaky karar halkara gatnawy dikeltmek üçin esas ýa-da karar däldir. Rugsatnama uçuşlar dikeldileninden soň awiakompaniýanyň ondan peýdalanmaga bolan hukugydyr.
Şeýlelik bilen, rus awiagatnadyjylary Azerbaýjana, Ermenistana, Albaniýa, Belorussiýa, Ysraýyla, Iordaniýa, Liwana, Moldawiýa, Serbiýa, Türkmenistana, Horwatiýa, Çernogoriýa, Estoniýa, Kipre, Kuba, Maldiwe uçmaga rugsat aldylar. Jemi 300-den gowrak rugsatnama berildi. Olaryň iň köpi Kipredir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply