Russiýalylar stratosferadan paraşýutly bökdüler
Russiýaly uçarmanlarynyň üçüsi 10 kilometrden hem gowrak beýiklikden, ýagny, stratosferadan paraşýutly böküşi amala aşyrdylar.
Olar sagatda 380 kilometr tizlik bilen Ýer ýüzüniň iň demirgazyk nokady bolan Russiýanyň «Barneo» stansiýasyna üstünlikli gondular.
Uçarmanlar skafandr geýmekden ýüz dönderip, onuň deregine ýumşak eşiklerden, äýnekden, gyzdyryjy elliklerden we kislorodly örtüklerden peýdalandylar.
Olaryň umumy agramy 30 kilograma barabar bolan eşikleri bilen ýere gonmaklary üçin bary-ýogy 2,5 minut wagt gerek boldy.