DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Russiýaly ýarym ýyllap tigirli öýde ýaşady

«Surfer Raincoat»-y esaslandyryjy we grafiki dizaýner Rudik Gurewiç ýarym ýyllap tigirli öýde ýaşady. Syýahatçy awtoöý satyn aldy we geçen ýylyň tomsunda, has takygy, 27-nji iýunda oňa duşuşýan gyzy bilen göçüp bardy. Bu barada «Rambler» habar berýär.
Gurewiç Soçide ýaşaýar. «The Village» neşirine beren interwýusynda ol tigirli öýe göçüp barmak baradaky pikiriň birden gelendigini aýtdy. Olar hemişe başga ýerlere gidýän we öýlerinde örän seýrek bolýan ekenler.
Syýahatçylar tigirli öýi bilen Krymda, Sankt-Peterburgda, Moskwada, Kareliýada we Murmansk oblastynda boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply