TÜRKMENISTAN HABARLARY

Russiýadaky we Belarusdaky ildeşlerimiz getiriler

«Türkmenhowaýollary» agentligi 6-njy we 8-nji sentýabrda Russiýa Federasiýasynda hem-de Belarus Resoublikasynda galan raýatlarymyz üçin ýörite uçuşlary gurar.
«Orient» agentliginiň habar berşi ýaly, 6-njy sentýabrda Belarusdaky watandaşlarymyz Türkmenabadyň Halkara howa menziline getiriler. 8-nji sentýabr güni bolsa Moskwa — Türkmenabat ugry boýunça Russiýa Federasiýasyndaky ildeşlerimiz ata Watana gelip gowşarlar.
Ýörite uçuşlar bilen ýurdumyza gelen raýatlarymyz Türkmenabat şäherindäki döwrebap saglyk merkezlerinde 14 günlük karantin gözegçilikde bolarlar.
Ýakynda şeýle uçuşlar bilen Belarusdaky we Hindistandaky watandaşlarymyzyň bir toparynyň ýurdumyza getirilendigini ýatladýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply