Russiýadaky dünýä meşhur kitaphanada Magtymguly Pyragynyň heýkeli oturdyldy
Moskwanyñ Bütinrussiýa daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynda türkmen halkynyñ beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyñ heýkeli oturdylar. Dabaraly çäräniñ geçirilmegi öñümizdäki hepdäniñ başyna, ýagny 30-njy sentýabryna meýilleşdirilen. Granit esasda bürünç heýkeliñ awtory Türkmenistanyñ Suratkeşler birleşiginiñ agzasy heýkeltaraş Zahid Babaýew.
Heýkeliñ açylyş dabarasyna Russiýanyñ döwlet edaralarynyñ, Moskwada akkreditirlenen diplomatik korpusynyñ, döredijilik we ylmy jemgýetçiliginiñ wekilleriniñ, jemgyýetçilik işgärleriniñ we belli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniñ wekilleriniñ gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Dabaranyñ maksatnamasynda Magtymguly Pyragynyñ goşgularynyñ türkmen we rus dillerinde okalyşy, Russiýanyñ we Türkmenistanyñ medeniýet işgärleriniñ çykyşlary bar.
Dabara Russiýa Federasiýasynda Türkmenistanyñ ilçihanasy tarapyndan Magtymgulynyñ doglan gününiñ 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýär.