YLYM WE TEHNIKA

Russiýada zaýa bolanyndan soň özi dikelýän plýonka döretdiler

 Moskwanyň Bauman adyndan döwlet tehniki uniwersitetiniň bazasynda russiýaly hünärmenler «öz-özünden dikelýän» plýonka işläp taýýarladylar, diýip, «mail.ru» habar berýär.

Gyzdyrylanda, ol 95%-e çeni gaýtadan dikelýän termoplastiki polimerden taýýarlanylypdyr. Ony taýýarlaýjy materialy durmuşda ulanylýan adaty fen bilen 50-60 gradusa çenli gyzdyrmagyň ýeterlikdigini we şonda täsin ýagdaýyň boluň geçýändigi aýdýar. Şonda plýonka özüni  dikeldip başlap, 48 sagadyň dowamynda öňki ýagdaýyna gelýär.

Şeýle netijäni 1,5 millimetr çuňluga çenli zyýan ýeten plýonkada gazanyp bolýar. Täze emele gelen molekulýar baglanyşygyň netijesinde material öňküsinden 52% berk bolýar. «Täsin plýonkanyň» mehaniki häsiýeti göze ilip duran üstki gatlagynyň 95%-ine çenlisini dikeltmäge mümkinçilik berýär. Täze oýlap tapylan materialy dürli zarlaryň: smatfonlaryň, awtomobilleriň, telewizorlaryň, foto we kompýuter tehnikasynyň üstki gatlagyny goramak üçin ulanyp bolar. Şeýle plýonka bilen olaryň ekranyna howp abanmaz.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: