JEMGYÝET

Russiýada ýaşamak üçin ygtyýarmana almaga şahsy maglumatlaryny işlemek üçin razylyk bermeli

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň saýtynda Russiýada ýaşamaga ygtyýarnama almak üçin resminamalar tabşyranlarynda, şahsy maglumatlaryny işlemäge notarius tarapyndan tassyklanan razylyk bolmaly diýip habar berilýändigi barada «turkmenportal.com» ýazýar.

Bu täzelik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  29.03.2017 ýylda № 519-V belgi bilen kabul edilen «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda eden talabyna laýyk girizilýär.

Şahsy maglumatlary işlemäge berlen tassyklanan razylyk arza bereniň öň sud edilenligini ýada- edilmändigini anyklamak üçin Türkmenistanyň ygtyýarly edaralaryna iberiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: