Russiýanyň «Rosteh» döwlet korporasiýasy ýangyn söndürmäge ukyply robot enjamyny hödürledi. «ANT 1000PM» diýlip atlandyrylan bu täsin robot aşa kyn şertlerde ýangyna garşy göreşmek üçin niýetlenendir.
Uzak aralykdan hem dolandyrmak mümkinçiligine eýe bolan bu robotlar 65 inedördül metr
meýdandaky ýangyny söndürmäge ýaramlydyr. Olarda ýangyn söndüriji serişdeler bilen
doldurylan bölekler bolup, bu esasan hem bogujy tüsseli we aşa gyzgyn çäklerde dörän ýangyny
adam barmazdan, tiz wagtda söndürmäge ýardam edýär.
Russiýada ýangyn söndüriji robot döredildi

06
Mar