TÜRKMENISTAN HABARLARY

Russiýada türkmenabatly kosmonawta täze wezipe ynanyldy

Russiýada dünýä belli kosmonawt, Türkmenabat şäherinde önüp-ösen Oleg Kononenko täze ýokary wezipä bellenildi. Ol Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine bellendi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň «Roskosmos» döwlet edarasynyň baş direktory Dmitriý Bakanowa salgylanyp habar berilýär. Täze wezipesinde kosmonawtlaryň Halkara kosmos bekedine uçuşa taýýarlygyny üpjün etmek, şeýle hem edaranyň işini Russiýanyň täze orbital merkeziniň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak esasy maksatlaryň hatarynda görkezilýär.
Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko dünýä kosmonawtikasynyň ösüşine uly goşant goşan şahsyýetleriň biridir. Ol 2024-nji ýylyň sentýabrynda älemde 1110 gün 14 sagat 57 minut galyp, täze dünýä rekordyny goýdy hem-de bäş gezek kosmos uçuşyny amala aşyrdy. 1964-nji ýylda Çärjew şäherinde (häzirki Türkmenabat) dünýä inen kosmonawt 1988-nji ýylda Harkow awiasiýa institutyny uçar hereketlendirijisi hünäri boýunça üstünlikli tamamlady. Onuň täze wezipä bellenilmegi türkmen topragyndan çykan hünärmenleriň halkara derejedäki abraýynyň barha artýandygyny görkezýär.