MEDENIÝET

Russiýada türkmen sazşynasy Ýuliýa Jumaýewanyň annotasiýasy bilen Mamed Guseýnowyň “Balkan äheňleri” atly ýygyndysy çapdan çykdy

Moskwada “Dutaryň owazy” atly milli medeniýeti we sungaty ösdürmek gaznasynyň howandarlyk etmeginde fortepiano üçin “Balkan äheňleri” atly pýesalar – fantaziýalar ýygyndysy neşir edildi (ikinji neşiri, 2026). Onuň neşor edilmegi Moskwa hökümetiniň goldawy bilen amala aşyryldy we Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly Moskwanyň halkara sungat festiwalynyň on ýyllygyna bagyşlandy.
Ýygyndynyň awtory – Mamed Guseýnow häzirki zaman iň meşhur we iň köp isleg bildirilýän rus kompozitorlarynyň biri, pianinoçy, pedagog, saz jemgyýetçilik işgäri, Russiýanyň we Ýewropanyň kompozitorlar Birleşiginiň agzasy, Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly Moskwanyň halkara sungat festiwalynyň art-direktory we esaslandyryjysydyr. Awtoryň döredijilik işleriniň ýygyndysyna: “Solomon” operasy, “Magtymguly Pyragynyň monologlary” atly monooperasy, Ş.Bodleriň, R.Gamzatowyň, A.Dementýewiň, S.Ýeseniniň, H.Kakaliýewanyň, M.Lermontowyň, A.Tarkowskiniň, U.Şekspiriň, G.Ezizowyň sözlerine düzülen romanslar we wokal toplumlary we beýleki dürli žanrly eserler girýär.
Mamed Guseýnowyň sazlary üçin joşgunly häsiýetiň näzik nepislik bilen, duýgy öwüşginleriniň baýlygynyň psihologiki çuňluk bilen, şeýle hem häzirki döwrüň möhüm wakalaryna bolan gyzyklanmanyň taryhy geçmiş bilen sazlaşmasy häsiýetlidir.
“Balkan äheňleri” atly eserler ýygyndysyny Günbatar Ýewropa we Günorta medeniýetleriň garmoniki dialoglaryň kontekstinde görkezmek bolar. Onda kompozitoryň döredijiliginiň iň wajyp taraplary – sazda päk duýgularyň gözelligini we belent joşgunyny wasp edýän romantik meýilleriň aýdyň beýan edilmegi, tebigatyň bolsa şahyrana görnüşde suratlandyrylmagy şöhlelendirilýär.
Alty sany pýesalardan-fantaziýalardan ybarat bolan toplum Mamed Guseýnow tarapyndan Türkmenistanyň günbatarynda, Ulu Balkan daglarynyň günorta eteginde ýerleşýän Nebitdag şäherinde (2001-2002) döredilipdir. Gadymy syrlar we rowaýatlar bilen gurşalan ajaýyp landşaftlar kompozitory bu “Balkan äheňleri” atly toplumy ýazmaklyga ruhlandyrypdyr.

Eseriň esasy maksady – tebigat dünýäsini onuň gaýtalanmajak owadanlyklarynyň ýüze çykmalary bilen, hereketleri we wagty bilen, şeýle hem ynsan kalbynyň içki psihologik ýagdaýyny, adamyň pikirlerini we oýlanmalaryny saz arkaly suratlandyrmakdyr. “Hüjüm”, “Gündogar hekaýasy”, “Rapsodiýa”, “Joşgun”, “Poema”, “Ruhubelentlik” (“Şasenem-Garyp” dessanynyň heňinde) diýlip atlanadyrylýan bu alty sany dürli häsiýetli pýesalar, duýgy-gwarýuralary fortepiano sýuitalarynyň düzümini düzýär.
“Balkan äheňleri” atly toplum ýokary çeperçiligi we pedagogik taýdan gymmatlyga eýedir we ýörite sungat mekdepleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we şeýle hem köpsanly tanymal pianinoçylaryň konsert repertuarlaryna goşulan uly goşant bolup durýar. Halkara bäsleşikleriň laureaty Ýeliseý Babanowyň saz eserini özboluşly ýerine ýetirmegi munuň aýdyň subutnamasydyr (2025).
Toplumyň ikinji neşiriniň düzümine hem birinji neşirdäki ýaly (2018) nota ýazgylary, Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň Prezidenti Zurab Sereteliniň (1934-2025) gutlagy, sungaty öwreniji Iren Kistowiç – Girtbanyň makalasy we görnükli hudožnik, suratkeşlik, grafikaçylyk we akwarel ulgamynyň ussady Gennadiý Babikowyň (1911-1993) bezegleri girýär.
Tanymal türkmen sazşynasy, žurnalist, publisist, milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň laureaty Ýuliýa Jumaýewanyň annotasiýasy bu täze topluma aýratyn öwüşgin berdi. Onuň barlaglary Mamed Guseýnowyň keşpli-duýgy tarapyny we saz-stilistik aýratynlyklaryny çuňňur seljermäge bagyşlanandyr (aýratyn hem melodiýasyna, garmoniýasyna we fakturasyna).
Iki tanymal zehinli şahsyýetleriň – kompozitor Mamed Guseýnowyň we sazşynas Ýuliýa Jumaýewanyň köpýyllyk döredijilik hyzmatdaşlygy köptaraply (uniwersal) neşirleriň we çap edilen eserleriniň birnäçesiniň ýüze çykmagyna getirdi.

Olaryň sanawynda Ýu.Jumaýewanyň eden işleri: “Mamed Guseýnowyň döredijiligi Günbatar Ýewropa we Günorta medeniýetleriň dialoglaryň kontekstinde” atly makalasy (2022, Rimma Kazakowa adyndaky II Halkara döredijilik bäsleşiginde Long-Listine girýär, “Madonna”, 2025, Moskwa); Mamed Guseýnowyň “Fortepiano üçin alty sany çagalar pýesalary” atly saz-illýustratiw toplumyna annotasiýa (2025); kompozitoryň awtorlyk konsertine bagyşlanan saz-nota ýygyndylarynyň analitiki syny (buklet, 2025-nji ýylyň 14 dekbary) we onuň “Balkan äheňleri” atly topluma sazşynaslyk annotasiýasy (2026).
“Balkan äheňleri” atly toplumyň ikinji neşiriniň çapdan çykmagy XXI asyryň häzirki zaman sazçylyk medeniýetinde iň wajyň wakalaryň biridir. Bu toplum Russiýanyň we Türkmenistanyň medeniýet hem-de sungat işgärleriniň, ýokary derejeli hünärmenleriniň köpüsiniň netijeli zähmetiniň netijesidir. Şeýle hem, bu iş iki dostlukly döwletiň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmekde we ösdürmekde alnyp barylýan üstünlikli özara hereketleriň hem-de hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar.