YLYM WE TEHNIKA

Russiýada monorels ulag ulgamynyň synagy başlandy

Gürrüň monorels ulag ulgamynyň — magnitlewitasion tehnologiýalaryndan peýdalanmak bilen (magnit ýassygynda) hereket edýän otly barada gidýär. Bu barada «mail.ru» habar berýär.

Häzir monorels ulag ulgamynyň üstünde Moskwanyň ýylylyk tehniki institutynda («Roskomosyň» düzümine girýär) alnyp barylýar. Bu ulgamyň häzirki şäher ulaglarynyň öňünde birnäçe artykmaçlyklary bar. Mysal üçin, ol çalt gurulýar we ulanyşa girizilýär, sesi pes, ekologiki taýdan arassa we az energiýa harç edýär, diýip «Roskomosyň» saýtynda aýdylýar.

Bulardan başga-da, şeýle otly dolandyryjysyz işläp biler we, umuman alanda, hereket edýän düzümi we estakada (ýol) az hyzmat talap edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: