YLYM WE TEHNIKA

Russiýada elektroskuter üçin sürüjilik şahadatnamasy talap ediler

Russiýanyň Döwlet Dumasy elektroskuterleri ýörite şahadatnama bilen dolandyrmak barada çözgüt kabul etmegi meýilleşdirýär.

Bu barada Dumanyň deputaty Gusýew köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, ýurduň 16 ýaşdan uly raýatlary edil beýleki ulaglarda bolşy ýaly, diňe sürüjilik şahadatnamasy bolan ýagdaýynda elektron samokatlarda peýdalanyp bilerler. 16 ýaşdan kiçilere bolsa elektroskuterlerden peýdalanmaga rugsat berilmez.

Metbugat sahypalary ýurduň köçelerinde elektroskuterleriň pikir edilişinden hem çalt köpelýändigini ýazýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: