DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Russiýada Atalar güni belleniler

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýurtda Atalar gününi bellemegi tabşyrdy. Bu barada «ТАСС» habar berýär.

Döwlet baştutanynyň duşenbe güni çap edilen permanyndan görnüşi ýaly, baýramçylyk oktýabryň üçünji ýekşenbesinde belleniler.

Iýulda Russiýanyň Zähmet we durmuş goragy ministrligi jemgyýetçiligiň garamagyna Atalar gününi bellemek hakyndaky ideýany ara alyp maslahatlaşmagy hödürläpdi. Ministrligiň metbugat gullugynda başlangyjyň şol wagt RF-niň prezidentiniň ýanyndaky ygtyýarly wekili bolup işlän Anna Kuznesowa tarapyndan berilipdi. Edara teklibi goldapdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: