JEMGYÝET

Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy kwota boýunça Russiýada okajak türkmen raýatlarynyň sanawyny çap etdi

Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy özüniň resmi saýtynda türkmen raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyklaryň, şol sanda russialylaryň RF-de hökümet tarapyndan bellenilen kwota laýyklykda 2022/23-nji okuw ýylynda okuwa alnanlaryň sanawy çap edildi, diýip, «turkmenportal.com» ýazýar.

Ilkinji tapgyrda saýlanyp alnanlar, şol sanda ätiýaçlyk sanawyna girizilenler 19-njy marta çenli otdel.turkmenistan@gmail.com elektron salgysyna gerekli lukmançylyk resminamalaryny (86y formaly sprawka, B we С gepatitleriniň, inçekeseliň, WIÇ/SPID-iň ýoklugy barada sprawka) ibermeli.

Ilçihana tehniki sebäplere görä education-in-russia.com portalynyň işlemeýändigini hem habar berýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 65 898541 (9:00-dan 15:00-a çenli).

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: