TÜRKMENISTAN HABARLARY

Rus wekiliýeti Türkmenistanda geçiriljek halkara foruma geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow sişenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa
Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Söhbetdeşligiň barşynda Russiýanyň ýokary derejeli wekiliýeti 29-njy martda çagalary goramaga bagyşlanan halkara maslahata gatnaşmaga çagyryldy.
Bu çäre Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň bähbidine halkara işini ösdürmek” ady bilen geçiriler.
Federasiýa Geňeşiniň Başlygy çakylygy kabul edip, Türkmenistanda geçiriljek çärelere, ilkinji
nobatda, çagalary goramak boýunça halkara maslahata rus parlamentariýleriniň gatnaşmaga
taýýardygyny tassyklady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: