BILIM

Rus diliniň hepdeligi geçirilýär

«Beýik, kuwwatly, hakykatçyl we erkin rus dili!» — Iwan Sergeýewiç Turgenewiň we beýleki beýik rus şahyrlarynyň, kyssaçylarynyň, dramaturglarynyň aýdan sözleri şu günler Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynda has dabaraly ýaňlandy, bu ýerde Rus diliniň hepdeligi geçirildi, diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtyna salgylanmak bilen, «Turkmenportal» ýazýar.
Döredijilik we bilim çäresi – Russiýa Federasiýasynyň, bu ýurduň halklarynyň hem-de tarynynyň, medeniýetiniň we häzirki durmuşynyň sahypalaryna düşünje artdyrýan özboluşly syndyr.
Rus dili we edebiýaty fakultetiniň binasynyň girelgesinde ullakan monitorda Russiýanyň şäherleriniň durmuşy hakda wideo- we fotoýordumlar görkezilýär. Talyplaryň işleriniň sergisi baýramyň temasy bilen utgaşýar. Bu ýerde binalaryň maketleri, fotosuratlar, diwar gazetelri, žiwopis eserleri, adaty rus sowgatlyklary, rus edebiýatynyň ajaýyp wekilleriniň portretleri hem goýlupdyr. Olaryň merkezinde rus diliniň nyşany hökmünde Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň portreti ýerleşdirilipdir.
Institutyň ýaş mugallymlary açyk sapaklary guradylar. Rus diliniň hepdeliginde şeýle hem Russiýanyň nusgawy kinofilmlerinden bölekelr görkezildi.
Dünýä dilleri institutynyň mugallymlary onlaýn-duşuşykda rus dilinden hünärmenelr taýýarlanylýan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden we Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutyndan (Türkmenabat ş.) kärdeşleri bilen bilim bermegiň häzirki zaman, şol sanda interaktiw we multimediýa usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Sanly ulgamyň bilimiň derejesini ýokarlandyrýandygy nygtaldy.
Rus diliniň hepdeliginiň ýapylan güni, 24-nji aprelde institutyň baş binasynda geçirilen ylmy maslahatda rus filologiýasy fakultetiniň talyplary tematiki çykyşlarynda audio- we wideo tanyşdyrlyşlaryny görkezdiler.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply