BILIM

Rus dili boýunça lebaply okuwçylar döwlet tapgyrynda üstünlik gazandy

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda rus dili boýunça lebaply okuwçylar üstünlik gazandy.
11-nji synp boýunça Farap etrabynyň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy Sahiýa Aliýewa we Döwletli etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň okuwçysy Sabina Dawletowa döwlet tapgyrynda ikinji orunlary eýelediler. Şeýle hem Farap etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň okuwçysy Dünýägözel Babajanowa, Türkmenabat şäheriniň 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Sona Ýagşyýewa, Türkmenabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Waleriýa Barinowa hem-de Dänew etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň okuwçysy Seýitjan Babanazarow döwlet tapgyrynda üçünji orunlary gazandylar. 12-nji synp boýunça Türkmenabat şäheriniň 30-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Şukur Gotdaýew döwlet tapgyrynda birinji orny, Döwletli etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň okuwçysy Şeker Esedowa hem-de Çärjew etrabynyň 31-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Merjen Umarowa döwlet tapgyrynda ikinji orunlary eýelediler.