LUKMANÇYLYK

Rus alymlary kowidiň garşysyna buruna sepilýän waksinanyň kliniki synaglaryň başladylar

N.F.Gamaleýa adyndaky Merkezde koronawirusyň garşysyna buruna sepilýän spreý görnüşindäki täze waksinany kliniki synagdan geçirip başladylar. Bu barada Merkeziň direktory Aleksandr Ginsbugr habar berdi, diýip «ТАСС» ýazýar.

Ginsburg kowidiň garşysyna buruna sepilýän waksinany alandan soň adam ony ýaýradyjy bolmagyny bes edýär diýip habar berdi. Şonuň ýaly-da, ol waksinanyň şpris bilen sepilýändigini aýtdy.

Oktýabrda Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi N.F.Gamaleýa adyndaky Merkeze koronawirusa garşy buruna sepilýän waksinanyň synaglarynyň ikinji tapgyryna girişmäge rugsat beripdi. Ginsburguň aýtmagyna görä, bu waksina adaty sanjym etmegiň ornuny tutup bilmez, ýöne infeksiýanyň ýarmagynyň öňüni alyp biljek goşmaça kömekçi bolup hyzmat eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: