DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Rumyniýadaky täsin ýerasty seýilgäh

Rumyniýadaky 120 metr çuňlukda ýerleşýän ýerasty seýilgäh bu ýurduň täsin tebigy ýadygärlikleriniň biridir. Bu ýere her ýylda jahankeşdeleriň 680 müňden gowragy gelýär.
“Salina Turda” diýlip atlandyrylýan bu ýer ilkibaşda gowak bolup, irki döwürlerde ondan köp mukdarda nahar duzy alnypdyr.
1992-nji ýyldan bäri bolsa bu täsin gowak seýilgäh we sagaldyş merkezi hökmünde meşhurdyr. Bu ýerde aýlanýan çarh, kiçi golf meýdançasy, amfiteatr we çagalar üçin döredilen attraksionlar myhmanlarda ýakymly täsir galdyrýar. Şeýle-de bu ýerdäki ýerasty kölde gaýykly gezelençler guralýar.