Türkmen hökümdary Mahmyt Gaznaly birnäçe ylmy işleri ýazypdyr. Ýöne ol özüne has talapkär çemeleşipdir. Ýazan eserlerini ulamalara, asla hiç kime görkezmän, ýaşyryn saklapdyr. Soňam bu tapan pikirlerini, täsin tymsallaryny eý görýän adamlaryna paýlapdyr. Şeýdibem özüniň pikirlerini, açyşlaryny özgelere berip, soňra köplenç ýagdaýda öz ýazan zatlaryny otlapdyr. Ajaýyp pikiriň, açyşyň şöhratyny götermäge injigi gowşak, donuna sygmaýan adamlary ol halamandyr. Esasy zat, gowy pikirleriň, açyşlaryň ýitmezligi. Ol pikirleriň, açyşlaryň kimiň adyndan berilýänligini esasy zat däl hasaplapdyr. Onuň pähim-parasadyna sarpa goýýan ulamalar soltanyň beýik eserlerini, açyşlaryny saklamaga, otlanmazlygyny gazanmaga çalşypdyrlar. Netijede, onuň ömrüniň soňky döwürlerinde başky eser otlamak edehädini taşlamagyny gazanypdyrlar.
Soltan Mahmydyň egindeşleri hem akylly, sowatly we işeňňir adamlar bolupdyr. Onuň wezirleriniň biri Abulkasym Ahmet bin Hüseýni köp alymlara hemaýat beripdir. Onuň wezirlik eden wagtynda ylym hem edebiýat gülläp ösüpdir.
Döwrüň sowatly, parasatly ajaýyp adamlary bilen oturyşmak uly sapak hem-de lezzetli bolupdyr. Sözleri dürdäne hem-de dogruçyl, parasatly sözlere baý alymlar ajaýyp hekaýatlary we özüne çekiji rowaýatlary köp bilipdirler. Soltan Mahmyt şygryýet bilen şeýle bir badaşypdyr, hatda ol şygyr setirlerini eşitmedik gününi manyly ömür sanyna-da goşmak islemändir. Şeýle bolansoň, köşkde şygra aýratyn üns berlipdir. Köp hatlar şygyr bilen ýazylypdyr. Ilçileriň hatlary-da, özara alşylýan hatlar-da goşgy setirleri bilen ýazylypdyr. Köşkdäki şahyrlaryň sany 187 eken. Mahmyt Gaznaly köşgündäki ähli şahyrlaryň, akyldarlaryň, alymlaryň, sazandalaryň döredijilikli işlemekleri üçin zerur şertler döredipdir. Ylymlar ummanynda bolmakdan çäksiz lezzet alypdyr. Bilimini üznüksiz artdyryp ýörmegi onuň ylmyň ähli ugrundaky alymlar bilen ylmy jedellere girmegine mümkinçilik beripdir. Ylym bilen meşgullanýandygy üçin alymlara döwlet hak töläpdir. Olary durmuş hajatlary bilen bolelin üpjün etmek, ylmy tejribeler üçin gerekli serişdeleri döretmek üçin Soltan Mahmyt çykdajylary gysganmandyr. Onuň üznüksiz çozuşlarynyň, ýörişleriniň aňyrsynda döwletiň kuwwatlanmagy, baýamagy, ylym adamlarynyň üpjünçiligi ýatyr. Soltan nirä ýöriş etse-de, ýany bilen alymlary, şahyrlary, bagşy-sazandalary äkidipdir. Pilleriň üstünde alymlaryň ornaşyp, arkaýyn oturmaklary üçin sebetler bolupdyr. Üsti alymly, sahyply piller uzak ýörişlerde wezirleriň, serkerdeleriň pilleri bilen heň hatarda gidipdir. Islän pursady alymlar bilen söhbete girip bilmek mümkinçiligine soltan aýratyn ähmiýet beripdir. Hindistana ýörişleriniň tas ählisinde diýen ýaly, soltanyň ýanynda dünýä belli alym Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet Biruny hem bolupdyr. Akyldaryň «Hindistan» atly meşhur eseri hem şol ýörişleriň netijesinde döräpdir. Dünýä belli alymlaryň ýetişmegi Mahmyt Gaznalynyň arzuwynyň, maksadynyň wysal bolmagydyr.
Aknur ALLAMYRADOWA,
Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
