Rozymyrat Medow Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen türgen, Halaç etrap maliýe we ykdysadyýet bölüminiň oba hojalygynyň we senagatyň ösüşi bölümçesiniň hünärmeni Rozymyrat Medow Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.
Şu ýyl ol Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen Guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda we Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen Bütindünýä söweş sungaty oýunlarynda kümüş medallara mynasyp boldy.
Rozymyrat Medow sportuň sambo we guşakly göreş görnüşleri bilen meşgullanýar.