Rozymyrat Medow nobatdaky halkara üstünligini gazandy
Türkmenistanyň Guşakly göreş görnüşleri federasiýasynyň türgeni Rozymyrat Medow ýakynda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen Bütindünýä söweş sungaty oýunlaryna gatnaşyp, guşakly göreşiň alyş usuly boýunça hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.
Lebaply pälwan bu üstünligini 80 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Şol ýaryşda Türkmenabat şäherinden Jemal Owlýakulyýewanyň hem kümüş medala mynasyp bolandygyny ýatladýarys.
Ýeri gelende aýtsak, Oýunlara guşakly göreş boýunça wekilçilik eden türkmenistanly türgenleriň jemi üçüsi hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.
Şu ýyl Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça türgenleriniň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip gelýändiklerini aýratyn nygtamak gerek. Olar şu ýylyň maý aýynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda 28, iýulda geçirilen dünýä çempionatynda bolsa 11 medal eýeläpdiler.