Ýurdumyzda watansöýüji, ösen aň-düşünjeli, ýokary tehnologiýalardan kämil baş çykarýan, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen ýaş nesliň kemala gelmegine uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugra gönükdirilen tagallalary, durmuşa geçirýän işleri buýsandyrýar we guwandyrýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän döwlet Maksatnamalaryna hem-de bilim işini kadalaşdyryjy hukuknamalara laýyklykda mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar, körpe nesle döwrebap şertlerde bilim-terbiýe berilýär, sowat öwredilýär. Olarda çagalary başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlamakda öňdebaryjy halkara iş tejribelerinden, innowasion tehnologiýalardan peýdalanylýar. Munuň üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär, bilim işgärleriniň netijeli we döredijilikli zähmet çekmegi babatynda giň amatlyklar üpjün edilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil hakda edilýän aladalary, bilim işgärleri üçin döredilýän şertleri bizde — ulgamyň işgärlerinde uly ruhubelentlik döredip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda has-da uly üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak, döwrümize mynasyp nesilleri ýetişdirmek ugrundaky taýsyz tagallalaryna alkyş-hoşallyklarymyz çäksizdir.
Ogulşat RÖWŞENOWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

