Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesiller uly alada bilen gurşalýar. Olaryň kämil bilim almagy, hünär öwrenmegi, berk bedenli, sagdyn ruhly, watansöýüji şahsyýetler bolup kemala gelmegi boýunça durmuşa geçirilýän işler, döredilýän şertlerdir mümkinçilikler hem şeýle diýmäge esas berýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap mekdepler, çagalar baglary hereket edip, olarda ýaş nesle dünýä derejesinde bilim-terbiýe berilýär. Çagalaryň sazlaşykly ösmegi, göwnejaý dynç almagy üçin çagalar medeni-dynç alyş seýilgähleri, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, şeýle-de döredijilik öýleri gurlup ulanylmaga berilýär. Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki «Buýsanç» çagalar medeni-dynç alyş seýilgähini, Kaka etrabyndaky «Ýaşyl ýaýla», Gökdere jülgesindäki Ahal welaýat häkimligine degişli bolan «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerini hem muňa mysal hökmünde agzamak ýakymly.
Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde zehinli çagalaryň arasynda aýdym-saz bäsleşikleriniň geçirilip durulmagy has-da begendirýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşik, galyberse-de, «Merdana nesil», «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşikleri bu gün çagalaryň arasynda uly meşhurlyga eýe. Röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillerde sungata söýgini terbiýelemekde we ösdürmekde, tebigy zehinlerini ýüze çykarmakda hem-de kämilleşdirmekde agzalan bäsleşikleriň orny uludyr.
Bagtly çagalygyň mekany bolan berkarar Watanymyzda ýaş nesiller hakda edilýän bimöçber aladalar biz — bilim işgärlerini has-da buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň çagalaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegine gönükdirilen tagallalaryna alkyşymyz çäksizdir.
Suraý SAHATOWA,
Farap etrabynyň ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy.

