YKDYSADYÝET

«Rowaçlan Galkynyş» hususy kärhanasynda täze önümçilik ýola goýuldy

Polipropilen haltalaryň dürli görnüşleri öndürilýän «Rowaçlan Galkynyş» hususy kärhanasynda beton kerpiçleriniň önümçiligini hem ýola goýuldy. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Kärhanada öndürilýän ini 56 santimetr, uzynlygy 107 santimetr bolan polipropilen haltalar oba hojalygynda azyk önümlerini, senagat önümçiliginde bolsa sement gaplamakda ulanylýar. Önümçilikde ýerli çig maldan peýdalanylyp, ol Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar. Beton kerpiçleriniň 10×20, 20×20, 25×20 santimetr ölçeglerdäki görnüşleri bar.

Kärhanada öndürilýän önümlere içerki bazarda islegiň barha artmagy olaryň ýokary hiline güwä geçýär. Hili we berkligi bilen tapawutlanýan önümler Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna eksport edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: