SPORT WE SYÝAHAT

Ronaldunyň «Ýuwentusda» 2023-nji ýyla çenli galmagy mümkin

Portugal futbolçysy, «Ýuwentusyň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň 2022-nji ýylda şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň hem klubda galmagy mümkin. Bu barada «rambler.ru» habar berýär.
Şu möwsümde «Altyn pökginiň» eýesi örän oňat oýnady — ol 23 duşuşykda 22 pökgini garşydaşlarynyň derwezesinden geçirdi we 3 gezek onuň egindeşlerine beren pökgisi derwezä girizildi. «Ýuwentus» Ronaldu bilen şertnamanyň möhletini 2023-nji ýylyň tomsuna çenli uzaltmagy mümkin. Bu barada «Tuttosport» habar berýär.
5-nji fewralda futbolçynyň 36 ýaşy doldy. Ronalduny Ýewropada onýyllygyň iň gowy futbolçysy, şonuň ýaly-da taryhda iň gowy hüjümçi diýip yglan etdiler. Futbolçy oýunlarynyň dowamynda garşydaşlarynyň derwezesine 760 gezek pökgi geçirdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply